RSFSR-niň halk artisti Irina Miroşniçenko 82 ýaşynda aradan çykdy diýip, Moskwanyň Çeperçilik akademiki teatrynyň mekdep-studiýasynyň rektory Igor Zolotowiskiý habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.
Miroşniçenko 1942-nji ýylyň 24-nji iýulynda Barnaulda doguldy, 1965-nji ýylda Moskwanyň Çeperçilik akademiki teatrynyň mekdep-studiýasyny tamamlady. Ol rus kinosynyň «Andreý Rublýow», «Wanýa daýy», «Kreml kurantlary», «Esger frontdan geldi», «Siziň düýşüňize-de giren däldir», «Gyşky ülje» ýaly 50 töweregi çeper filmde keşp döretdi. Aktrisa şeýle-de teatryň sahnasynda 40 sany ýatdagalyjy keşplerde çykyş etdi.
Iň owadan aktrisalaryň biri bolan Miroşniçenko hakda «Sowet kinosynyň Merilin Monrosy» diýýärdiler.

