Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy gysga wagtlyk arakesmeden soňra ýene-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady. Häzirki wagtda türgenleşikler Aşgabat şäherinde dowam edýär.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, tälimçiler Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa 30 türgeni ýene-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrdylar. Olaryň 14-si erkekler, 16-sy bolsa zenanlardyr. Türgenleriň aglabasy Aşgabat şäherine we Lebap welaýatyna wekilçilik edýär. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda bolsa sekiz agram derejesinde ýaryşlar geçiriler. Tälimçilerimiz häzirki ýygnanyşyga erkeklerden hem, zenanlardan hem iki düzümi çagyrdylar.
25-nji awgusta çenli Türkmenistanda türgenleşjek türgenler şol gün ýene-de Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl sebitine sary ýola düşerler. Yssyk-köldäki türgenleşikler 17-nji sentýabra çenli dowam eder. Şondan soň Aziýa oýunlaryna gatnaşjak wekillerden başga türgenler ýygnanyşygy ýene-de Türkmenistanda dowam ederler.