Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy diýip, «Habar 24» ýazýar. Portugaliýanyň paýtagtyna dünýäniň çar künjeginden bir milliondan gowrak zyýaratçy geldi.
Çäre ýurduň bütin taryhynda iň köp adamly bolar. Onuň üçin Portugaliýanyň hökümeti we Katolik Ybadathana 160 million ýewro bölüp berdi.
Lissabonyň köçelerinde howpsuzlygy berjaý etmek üçin 16 müňe golaý poliseý nobatçylyk çekýär. Çäräniň esasy wakasy oňa Rim Papasy Fransiskiň gelmegi bolar. Pontifik talyplar, meýletinçiler, diplomatlar we hökümet wekilleri bilen duşuşar.
Bütindünýä ýaşlar güni 1986-njy ýylda esaslandyryldy we dürli ýurtlarda her 2-3 ýyldan bellenýär.