Top.Mail.Ru

Tarantino Brýus Uillisi soňky filminde surata düşürmek isleýär

12:1403.08.2023
0
29110

Meşhur kinorežissýor Kwentin Tarantino özüniň iň soňky, 10-njy filminde Brýus Uillisi surata düşmäge çagyrmak isledi. Ol eger aktýoryň maşgalasy garşy çyksa, bu pikirinden dänjekdigini habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Kino tankytçysy» atly film şu ýylyň sentýabrynda surata düşürilip başlanar. Filmdäki wakalar 1970-nji ýyllarda Los-Anjelesde geçer.

Tarantino bilen Uillisi köp ýyllyk dostluk birleşdirýär. Olar 1994-nji ýylda ekranlara çykan «Jenaýat hakda harsal eser» filminde dostlaşdylar, bu filmde Uillis boksçynyň keşbini döretdi.

«The Daily Express» neşiri Tarantinonyň täze filmine çagyrmak bilen, köne dostuna hormat bildirmek isleýändigini ýazýar.

Sebäbi 2022-nji ýylda aktýorda afaziýa keseli tapylyp, ol kinoda düşmegini bes etdi. 68 ýaşly Brýus Uillisiň demensiýa keseline uçramagy onuň akyl-huşunyň, daşky dünýä bilen gatnaşygynyň bozulmagyna getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň