Aşgabatdaky «Zilli» haryt nyşanynyň dükany erkek egin-eşikleriniň we aýakgaplarynyň ähli toplumlarynda 35%-den 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär. Tomusy arzanladyş 31-nji awgusta çenli dowam eder.
Ýewropa haryt nyşanynyň dükanynda gündelik durmuş, işewürlik duşuşyklary, ýokary derejeli oturylyşyklar we sport bilen meşgullanmak üçin özüne çekiji hem-de döwrebap egin-eşik nusgalary, aýakgaplar we aksessuarlar hödürlenýär.
«Zilli» – hakyky deriden taýýarlanan lýuks derejeli erkek egin-eşigini öndürýän fransuz haryt nyşanydyr. Bu materiallar aýakgaplara we aksessuarlara özboluşly görnüş hem-de duýgy berýär, şeýle hem has berk bolmagyny üpjün edýär. «Zilli» haryt nyşanly egin-eşikler öňdebaryjy hili, nepis el işleri we üýtgewsiz stili bilen tapawutlanýarlar.
Aşgabatdaky «Zilli» dükany Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrundaky «Altyn Zaman» söwda merkezinde ýerleşýär.
Iş wagty: iş günleri sagat 10:00-dan 20:00-a, dynç günleri 11:00-dan 20:00-a çenli. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 92 77 22. Sosial ulgamdaky sahypasy.