6 aýyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy, takmynan, 5,55 milliard dollar boldy. Bu bolsa geçen ýyldakydan 12,3 göterim köpdür.
Jemi söwda balansynda ep-esli paý, ýagny 5,07 milliard dollar türkmen tarapynyň eksportyna düşýär. Bu barada «Neit-Gaz» Hytaý Halk Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşyna salgylanyp habar berdi.
Hytaýa iberilýän esasy eksport önümi, ýagny bahasy 5,05 milliard dollar deň bolan tebigy gazdyr.
Çeşmäniň habaryna görä, Türkmenistan 476 million dollarlyk hytaý harytlaryny satyn alypdyr.