Sankt-Peterburgyň «Zenitiniň» Lewerkuzen şäheriniň «Baýer» toparyndan ozalky hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin. Bu barada futbol insaýderi Fabrisio Romano özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabynda habar berdi.
Ýöne rus kluby 28 ýaşly hüjümçiniň gaýdyp alynjakdygy barada heniz dil ýaranok. Şeýle-de bolsa, bu transferiň häzirki transfer penjiresinde amala aşmak mümkinçiligi ýokary. «Transfermarkt» Serdar Azmuna 12 million ýewro baha kesýär.
Eýranly türkmen «Zenitde» 2019 ― 2022-nji ýyllar aralygynda hem futbol oýnapdy. Ol toparyň düzüminde 104 duşuşykda 62 gezek tapawutlanyp, 17 goluň hem assistini berdi.