Top.Mail.Ru

Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

23:3231.07.2023
0
35096

31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy «Challenge Airlines»-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň sosial sahypalarynda habar berildi. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

Duşuşyga «Türkmenhowaýollary» gullugynyň wekilleri hem gatnaşdy. Wideo konferensiýada uçuşlary amala aşyrmak we «Challenge Airlines» bilen türkmen raýat awiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra «Challenge Airlines»-niň wekilleri kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar. Awiakompaniýanyň meýilnamalary Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Liege (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabatdan ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy öz içine alýar.

Kompaniýanyň dünýäde 1000-den gowrak işgäri bar we howa gatnawy, ýük daşamak, goldaw hyzmatlary we tehniki hyzmat bilen meşgullanýar. Awiakompaniýanyň işleriniň ep-esli bölegi (65%) temperatura gözegçilik edilýän harytlar, awtoulag önümleri, howa giňişligine degişli önümler ýaly standart däl ýükleri daşamak bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň