Soňky habarlar

Arhiw

«Berkarar» SDAM-däki «Alem Sport» dükany sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmak üçin harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

12:5529.07.2023
0
67113

«Alem Sport» sport harytlarynyň dükany Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sportuň islendik görnüşi bilen höwesjeň hem-de professional derejede meşgullanmak üçin niýetlenen sport enjamlarynyň we lybaslarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmagy teklip edýär.

«Alem Sportda» sportuň boks, agyr we ýeňil atletika, uly tennis, ping-pong, badminton, hokkeý, figuralaýyn typmak, welosport, futbol, basketbol, fitness, ýüzmek hem-de sportuň suwdaky beýleki görnüşleri, Gündogaryň başa-baş söweş sungatlary we ş.m. görnüşleri bilen meşullanmak üçin harytlar hödürlenýär. Şeýle hem sport lybaslarynyň, aýakgaplarynyň we enjamlarynyň baý görnüşleri bardyr.

2017-nji ýylda açylan «Alem Sport» dükany daşary ýurtly öňdebaryjy öndürijileriň ýokary hilli we dürli görnüşli sport enjamlary bilen aşgabatly sport muşdaklarynyň arasynda giňden meşhurlyk gazandy.

«Alem Sport» dükanyndaky harytlar Türkmenistana Türkiýeden, Hytaýdan, Özbegistandan, BAE-den getirilýär. Dükanda zerur bolan haryt bolmadyk ýagdaýynda ony sargyt edip, ýurda getirmek mümkinçiligi bardyr, şeýle hem dükan harytlary Aşgabadyň içine we beýleki welaýatlara eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýar.

«Alem Sport» dükanynyň hödürleýän harytlary bilen «Berkarar» SDAM-niň 1-nji gatynda, B6B dükanynda tanşyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83.

«Alem Sport» dükanynyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Elektron poçta salgysy: Info@alemsport.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň