Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda awgust aýynda nähili medeni çäreler geçiriler?

23:2128.07.2023
0
40457

Ozal habar berşimiz ý­aly, şu gün Prezident­ Serd­ar Berdimuhamed­ow san­ly ulgam arkal­y nobatdaky­ Hökümet ­mejlisini geçirdi. Mejlisiñ barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyñ awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriñ tertibi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, hususan-da, awgust aýynyň dowamynda ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Awgust aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniñ jemlerini jemlemek, sportuñ dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde birnäçe çäreleri guramak göz öñünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek aýda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiñ welaýat tapgyrlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deñzi — parahatçylyk we dostluk deñzi” atly maslahaty geçirmek, Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyñ hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahaty guramak, Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde höwesjeñ aýdymçy ýaşlaryñ arasynda “Ýañlan, Diýarym!” telebäsleşiginiñ jemleýji tapgyryny, Daşoguz şäherinde “Garaşsyzlyk — dillerimiziñ dessany” atly festiwaly we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diñläp, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriñ ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň