Çoganlyda döwrebap seýilgäh gurlar

22:0328.07.2023
0
58179
Çoganlyda döwrebap seýilgäh gurlar
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Nowa hyzmat» hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň