Turkmenportal logo
28.07.23
6156861568
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýakynda duşuşýançak, Türkmenistan!». Serdar Azmun salam ýollady

Eýranly türkmen, futbolçy Serdar Azmun Dünýä kubogy ― 2026-nyň ikinji saýlama tapgyrynyň bije çekişliginden soňra jemgyýetçilik torlarynyň birindäki hasabynda ýazgy paýlaşdy.


Ol öz ýazgysynda: «Ýakynda duşuşýançak, Türkmenistan!» diýip ýazdy.


Ozal hem habar berşimiz ýaly, Eýranyň ýygyndysy «E» toparçada türkmen ýygyndysynyň bäsdeşi bolar. Bu toparçada Özbegistanyň ýygyndysy hem bar. Toparçanyň dördünji wekili bolsa Gonkong ― Butan duşuşygynyň ýeňijisi bolar.


Saýlama tapgyryň çägindäki Türkmenistan ― Eýran duşuşyklarynyň ilkinjiisi 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Eýranda, jogap duşuşygy 26-njy martda Türkmenistanda bolar.