Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-däki çykyşyny şu gün Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygy arkaly dowam etdirer. Duşuşyk öýlän sagat 17-de başlanýar.
Duşenbe şäherinde 23-nji iýulda başlanan Merkezi Aziýanyň çempionatyna Ýakup Öwezowyň şägirtleri Eýranyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňmek bilen başlapdylar. Soň olar Täjigistandan 2:4, Özbegistandan bolsa 1:3 hasabynda asgyn geldiler.
Ýaryş 30-njy iýunda tamamlanar. Türkmenistanly futzalçylar şol gün Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.
CAFA Futsal Cup-2023
4-nji tapgyr, 28-nji iýul (anna)
- 14:00 – Eýran – Özbegistan
- 17:00 – Gyrgyzystan – TÜRKMENISTAN
- 20:00 – Owganystan – Täjigistan
5-nji tapgyr, 30-njy iýul (ýekşenbe)
- 14:00 – TÜRKMENISTAN – Owganystan
- 17:00 – Özbegistan – Gyrgyzystan
- 20:00 – Täjigistan – Eýran.