Turkmenportal logo
28.07.23
4290142901
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» Türkiýede Saud Arabystanynyň toparyndan üstün çykdy

«Ahal» futbol topary Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny Saud Arabystanynyň «Al-Faýsali» topary bilen geçirdi.


Türkmenistanyň häzirki çempiony bu duşuşykda 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmen toparynyň gollarynyň ikisini Elman Tagaýew, birini bolsa Alibek Abdyrahmanow geçirdi.


«Al-Faýsali» futbol kluby 1954-nji ýylda döredildi. Ol ýurduň çempionatynyň ikinji derejeli dwizionynyň wekilidir.


«Ahalyň» mundan ozal Türkiýedäki türgenleşikleriň çäklerinde Saud Arabystanynyň «Al-Adala» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdy.


«Ahalyň» bu ýerde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna we Türkmenistanyň Çempionatynyň ikinji aýlawyna taýýarlyk görýändigini ýatladýarys. Topar ýakyn günlerde Kataryň «Umm-Salalýa» we Kuweýtiň «Al-Arabi» toparlary bilen hem ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.