Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Sinszýanda geçirilýän «Geljege köpri» ýaşlar duşuşygyna gatnaşýar

17:3327.07.2023
0
38267

Türkmenistanyň wekilleri Hytaýyň Sinszýan şäherinde geçirilýän «Geljege köpri» atly Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaş öňdebaryjylary üçin guralýan okuw we alyş-çalyş forumyna gatnaşýarlar.

Russian.cgtn.com-yň habaryna görä, duşuşyga ýaşlar guramalarynyň 30-a golaý wekili, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň oba hojalygy we medeni ulgamynyň wekilleri gatnaşýar.

Bu çäräni geçirmek baradaky başlangyç Hytaýyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan geçen ýylyň ýanwar aýynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan sammitde öňe sürüldi.

Çäre 22-nji iýuldan 31-nji iýul aralygynda Bütin Hytaý ýaşlar federasiýasynyň goldawy bilen geçirilýär.

Oňa gatnaşyjylar Urumçi halkara gury ýer portuna we «Guşak we ýol» gurluşygyna gatnaşýan kärhanalara baryp gördüler.

Maksatnamanyň möhüm bölegi Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleriniň Dilogydyr.

Çärä gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, medeniýet, bilim we ylym ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň