Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny bermekde öňdebaryjy boldy

13:4024.07.2023
0
33216

Türkmenistanyň Merkezi Banky özüniň resmi web sahypasynda 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň banklary tarapyndan 154 müňden gowrak bank kartynyň berlendigini mälim etdi. Habarda bellenilmegine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýurtdaky bank kartlarynyň umumy sany 5,3 milliondan gowrak boldy.

Türkmenistanda bank kartlaryny bermek boýunça öňdebaryjylygy «Daýhanbank» eýeledi. Ol häzirki wagta çenli müşderilere 1,8 milliondan gowrak bank kartyny berdi. Olaryň köpüsi welaýatlardaky, esasanam Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky müşderiler üçin niýetlenendir.

Berlen kartlaryň sany boýunça ikinji ýerde 1,03 milliondan gowrak bank karty bolan «Türkmenistan» banky bar. Üçünji orunda — 633 müňden gowrak bank karty bolan «Halkbank» ýerleşýär. Bu iki bank kartlaryň aglaba bölegini, esasan, Aşgabat şäherindäki müşderilerine niýetlemek bilen, häzirki wagta çenli paýtagtlylara, degişlilikde, 483,3 müň we 229,8 müň bank kartyny berdi.

2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda berlen bank kartlarynyň mukdary boýunça Türkmenistandaky banklaryň sanawy:

  • «Daýhanbank» DTB — 1 878 853;
  • «Türkmenistan» DTB — 1 038 783;
  • «Halkbank» PTB — 633 745;
  • «Türkmenbaşy» PTB — 575 189;
  • TDDYIB — 485 062;
  • «Senagat» PTB — 429 083;
  • «Rysgal» PTB — 174 982;
  • «Türkmen-türk» PTB — 116 119.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň