Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Expo-2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

15:2221.07.2023
0
32634

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 17 — 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň bellemegine görä, saparyň dowamynda Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli Katarda geçiriljek «Expo-2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti «Expo-2023 Doha» halkara sergisiniň baş sekretary Mohammed Ali Al-Huri bilen duşuşdy. Gepleşiklerden soň Türkmenistanyň 2023 Doha sergisine gatnaşmagy baradaky Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy boldy.

«Expo-2023 Doha» Katarda, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ilkinji halkara bagbançylyk sergisi hökmünde taryha girer. Serginiň «Ýaşyl çöl, has gowy daşky gurşaw» mowzugy halkara jemgyýetçiligi çölleşmegi azaltmak üçin innowasion çözgütleri öwrenmäge we kabul etmäge ruhlandyrmagy maksat edinýär.

Habar berlişi ýaly, sergi meýdançasy Pars aýlagynyň suwlaryna haýran galdyryjy görnüşleri açýan ajaýyp Al-Bidda seýilgähinde, 1,7 million inedördül metr giňişlikde ýerleşer. Häzirki wagtda 57 ýurt bu sergä gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berýär.

Öň bu saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň Dohada Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň agzasy Muhammed bin Ahmed Al-Obaýdli bilen duşuşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň