Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 17 sany meýletinçilik merkezi hereket edýär

10:5721.07.2023
0
31767

Bu günki günde Türkmenistanda 17 sany meýletinçilik merkezi hereket edip, olarda jemi bäş müň töweregi adam hasaba alnandyr. Olardan 1000 töweregi adam meýletinçilik hereketiniň işjeň agzalary bolup, ortaça 3000 töweregisi meýletinçilik işine gatnaşýar. Türkmen meýletinçileri meýilnamalaryna laýyklykda işleýärler we Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň maksatnamalarynda, şeýle hem taslamalaýyn işlerinde hünärmenler bilen bilelikde şahsy başlangyçlary durmuşa geçirýärler, bu babatda olar bilimiň berilmegine, adamlaryň we jemgyýetiň gatnaşyklarynyň özgermegine, çagalarda we ýaşlarda dürli zerur başarnyklaryň kämilleşdirilmegine, ilatyň kömege mätäç wekillerine ýardam bermekde, kömek goluny uzatmakda goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde edil Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, meýletinçilik maksatnamasy hereket edýär.

Meýletinçi kim?

Meýletinçilik — bir adam ýa-da köpçülik bolup, jemgyýetiň ýa-da belli bir toparyň peýdasyna meýletin ýerine ýetirilýän işdir. Meýletçiinler bejergi üçin serişdeleri ýygnaýarlar, işleri üçin hak tölemezden zerur zatlary (derman, eşik we ş.m.) satyn almaga kömek edýärler we uly göwrümli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň wekiliniň bellemegine görä, meýletinçiler edýän işleriniň görnüşine görä birnäçe kategoriýa bölünýärler:

- kimdir birine kömek etmek isleýän hoşniýetli adam (umuman aýdanyňda, başgalara kömek edýän ähli mähirli adamlar belli bir derejede meýletinçilerdir);
- hemaýatkär-meýletinçi — bir gezeklik ýa-da uzak möhletleýin esasda kömek bermäge maddy taýdan hemaýat berýän adam;
- maksatly meýletinçilik ilatyň käbir kömege mätäç toparlaryna (maýyplar, ýetimler we ş.m.) mugt kömek berilmegini öz içine alýar;
- jemgyýetçilik ähmiýetli köpçülikleýin çärelere/aksiýalara gatnaşýan meýletinçiler — bu adamlar, köplenç, iri halkara çärelerine (olimpiadalar, sport ýaryşlary, halkara festiwallary) töleg almazdan kömekçi hökmünde gatnaşýarlar;
- işjeň meýletinçiler işgärler bilen bilelikde baha bermekden, meýilnamalaşdyrmakdan we durmuşa geçirmekden başlap guramanyň işlerine gatnaşýarlar;
- Meýletinçi-geňeşçiler ýöriteleşdirilen/hünär tejribesi bolan ekspertler bolup, hünär ugurlary boýunça özleriniň giň hyzmatlaryny ýetirýärler;
- hünärmen meýletinçiler — Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň ähli düzümleriniň, şol sanda TGÝMJ-niň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Federasiýasynyň, Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň zerur okuwlaryny, kurslaryny we türgenleşiklerini tamamlan meýletinçilerdir. Hünärmen meýletinçiler taslamalara gatnaşmak üçin milli we halkara derejesinde çykyş edýän tiz täsir edýän toparlara çekilip bilner ýa-da daşary ýurtlarda işlemek üçin guramanyň wekilhanalaryna çagyrylyp bilner.

Dünýä tejribesi häzirki wagtda ilatyň jemgyýetçilik işjeňliginiň möhüm meseleleriň hatarynda durýandygyny tassyklaýar. Hususan-da, meýletinçiligiň ösmegi jemgyýetdäki köp sanly oňyn üýtgeşmelere goşant goşýar: birek-birege kömek etmek, sosial işjeňligi ýokarlandyrmak, adamlary we iş hyzmatdaşlaryny birleşdirmek we ş.m. Mundan başga-da, meýletinçilik dürli sosial meselelere bolan garaýşyň üýtgemegine, gyzyklanmalary goramaga we öňe sürmäge, maglumat ýaýratmaga we bilim bermäge goşant goşýar. Meýletinçileriň işi gatnaşyklary ösdürmäge, belli bir sosial endikleri kämilleşdirmäge we elbetde, şahsy durmuşda-da, jemgyýet derejesinde özüňi alyp barmagy özgertmäge kömek edýär.

Nädip meýletinçi bolmaly?

Meýletinçilik hereketine goşulmak kararyna gelenler üçin üç tapgyrdan ybarat bolan meýletinçiler üçin kämilleşdiriş okuwlary bar. Bular hökmany giriş okuwlary, ýöriteleşdirilen okuwlar we hünär okuwlary we kurslar diýlip tapawutlandyrylýar. Bu sahypada tamamlanan ähli okuwlaryň we meýletinçiniň taýýarlyk derejesi göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de bu meselede jikme-jik maglumat bazasy bolan programma hem döredilip, onda umumy maglumatlardan başga-da, meýletinçiniň gatnaşan ähli wakalary, gazananlary we okuwlary bellenilýär. Bu meýletinçiligi ösdürmegiň jogapkärleri — HGHK we GH we GÝJHF üçin özboluşly shemadyr.

Bu günki günde TGÝMJ Türkmenistanda meýletinçi ösdürmek babatda şu ugurlar boýunça iş alyp barýar:

  • meýletinçiler üçin dostlukly we howpsuz gurşawy döretmek;
  • meýletinçilere gözegçilik etmek we baha bermek;
  • meýletinçileri höweslendirmek;
  • meýletinçileri işe almak;
  • maglumatlary dolandyrmak;
  • TGÝMJ-niň kadalaşdyryjy-hukuk binýady;
  • täze başlanlar üçin giriş okuwlary, şahsy hukuklar we ideýalara durmuşa geçirmek; meýletinçileriň mümkinçiliklerini artdyrmak (şahsy we hünär taýdan ösüşi).

Meýletinçi bolmak isleýänler ýa-da bu herekete goşulmaga isleg bildirýänler üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň web saýtynda «Meýletinçi bolmak» diýen bölüm bolup, oňa meýletinçilik bilen gyzyklanýanlaryň ählisi girip biler. Şeýle hem crescent.vol@tgymj.gov.tm elektron poçta salgysyna ýazmak ýa-da (+993 12) 93 26 10 telefon belgisi boýunça jogapkär hünärmen bilen habarlaşmak bolýar.

Welaýat merkezleriniň meýletinçilik üçin telefon belgileri:

  • Balkanabat şäheri: 8 00222 77 73 34;
  • Mary şäheri: 8 00522 5 84 80;
  • Änew şäherçesi: 8 00137 4 46 20;
  • Türkmenabat şäheri: 8 00422 5 86 15;
  • Daşoguz şäheri: 8 0032 29 28 13.

Bellik: bu habar aksiýa boýunça ýerleşdirildi: «Sarayan» fabrikasyndan ýörite iş geýimlerini tikdirmegi sargyt etmek bilen, «Turkmenportal» web saýtynda mahabat etdirmek mümkinçiligini gazanyp bilersiňiz».

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň