Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Köpetdag» stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi

19:0319.07.2023
0
44289

«FourFourTwo» neşiri Aşgabatdaky «Köpetdag» stadionyny dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizdi.

Sanaw stadionlaryň birnäçe aýratynlyklary göz öňünde tutulyp düzüldi. Olaryň arasynda stadionyň taryhy, janköýerlere berýän mümkinçilikleri, binagärlik gurluşy, ýerleşýän ýeriniň amatlylygy ýaly aýratynlyklar bar.

«Köpetdag» stadiony sanawyň 75-nji basgançagynda görkezilýär. Ol Gibraltaryň «Wiktoriýa» we Urugwaýyň «Kentenatio» stadionlary bilen goňşy ýerleşdirilipdir.

Gurluşygyna 1995-nji ýylda başlanan «Köpetdag» stadiony 1997-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berildi. Şol ýyllarda ol Aşgabadyň «Köpetdag» futbol toparynyň we Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öz meýdanyndaky duşuşyklaryny geçirýän stadionyna öwrüldi.

2015-nji ýylda durky täzelenenden soňra stadion Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda gaýtadan döredilen «Köpetdag» futbol toparynyň ygtyýaryna berildi. Gaýtadan dikeldilen stadionda ilkinji duşuşyk şol ýylyň 5-nji awgustynda Türkmneistanyň kubogynyň çäklerinde «Köpetdag» we «Merw» toparlarynyň arasynda geçirildi.

26 müň 503 tomaşaça niýetlenen stadionyň açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Tebigy ot düşelen stadionda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Guam, Hindistan, Oman ýaly döwletleriň ýygyndy toparlary bilen duşuşyklary geçirdi. Stadion 11 gektar meýdany eýeleýär.

Ýokarda ady agzalan sanawda ýakyn goňşularymyzdan Eýranyň «Azady» (19-njy orun), Azerbaýjanyň Olimpiýa stadionlary (41-nji orun) hem bar.

Sanawyň ilkinji 10-lugynda Argentinanyň Buenos-Aýres şäherindäki «Bombenara», Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki «Marakana», Germaniýanyň Dortmund şäherindäki «Signal Iduna Park», Angliýanyň London şäherindäki «Tottenhem», Argentinanyň Buenos-Aýres şäherindäki «Monumental», Meksikanyň Mehiko şäherindäki «Asteka», Ispaniýanyň «Barselona» şäherindäki «Kamp Nou», Angliýanyň London şäherindäki «Uembli», Şotlandiýanyň Glazgo şäherindäki «Aýbroks», Italiýanyň Milan şäherindäki «San-Siro» stadionlaryny görýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň