13-nji awgustda futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçiriler. Arzly kubok üçin Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» we Jalal Abad şäheriniň «Muras-Ýunaýted» toparlary duşuşar.
Duşuşygyň geçiriljek ýeri we başlanjak wagty barada goşmaça habar berler.
«Abdyş-Atada» şu ýylyň mart aýyndan bäri türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýewiň hem çykyş edip gelýändigini ýatladýarys.
Ýarym final duşuşyklarynda «Abdyş-Ata» «Alaýdan» (0:0, 1:1), «Muras-Ýunaýted» bolsa «Kara-Baltadan» (4:1, 1:0) üstün çykdy.
Gyrgyzystanyň Futbol kubogynyň häzirki eýesi «Abdyş-Ata» toparydyr. Düzümi türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowly topar geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen final duşuşygynda Koçkar-Ata şäheriniň «Neftçisini» 1:0 hasabynda ýeňipdi.