Aşgabat şäherinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogyny almak ugrunda taekwondo ýaryşy geçirildi.
Ýaryşa Türkmenistanyň dürli sebitlerinden gelen taekwondoçylaryň 225-si gatnaşdy.
Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungatlary sport toplumy iki günläp dürli ýaşdaky türgenler üçin synag meýdançasyna öwrüldi. Ýaryşa 7-den 12 ýaşa çenli çagalar we 13-den 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler gatnaşdylar. Kubok ýaryşyny Türkmenistanyň Taekwondo federasiýasy bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde gurady.
Şeýlelikde, umumy hasap boýunça birinji orny Mary welaýatynyň türgenleri eýelediler. Olara dürli derejeli medallaryň 22-sini eýelemek miýesser etdi. Ýaryşyň netijesi boýunça ýeňiji bolanlar hem-de baýrak eýeleri dabaraly ýagdaýda medallar we Hormat hatlary bilen sylaglandy. Mary welaýatynyň ýygyndysyna bolsa ýeňiş gazanan topar hökmünde Kubok gowşuryldy.