Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

10:2118.07.2023
0
22028
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.uz

Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi Ýazguly Mämmedow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogy güýçlendirmek, söwda we maýa goýum gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

— Özbegistandaky bäş ýyllyk işini uly üstünlikler bilen tamamlaýan türkmen diplomaty Ýazguly Mämmedow bilen duşuşdyk. Ý.Mämmedow iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegine uly şahsy goşandyny goşdy. Oňa geljekki işlerinde üstünlik arzuw edýäris – diýip, Özbegistanyň daşary işler ministri telegram kanalynda ýazdy.

Ilçi öz gezeginde Özbegistan tarapyndan diplomatik işleriň durmuşa geçirilmegi üçin döredilen ählitaraplaýyn goldaw we şertler üçin, ministre çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, geçen hepde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ýazguly Mämmedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň