Turkmenportal logo
17.07.23
3270032700
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýyň dünýäde iň gowy jahankeşdelik ugry bolandygy habar berildi

Dubaý şäheriniň (BAE) dünýäde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda jahankeşdelik ugurlarynyň arasynda ilkinji orny eýeländigi belli boldy.


Bu barada Mirasdüşer şazada, Emirligiň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Hamdan ben Muhammed ben Raşid Al Maktum habar berdi diýip, TASS ýazýar.


Mirasdüşer şazada Dubaýyň geçen ýarym ýylda 8,5 million jahankeşdäni kabul edendigini aýtdy.