Turkmenportal logo
17.07.23
2401024010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky türgenleşiklerine 16 türgen gatnaşdy
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky türgenleşiklerine 16 türgen gatnaşdy

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 16 türgen gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.


Bu türgenleşikler şu ýyl Aşgabatda geçiriljek 14-nji dünýä çempionatyna taýýarlygyň ilkinji tapgyrlarynyň biridir.


Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) howandarlygynda Yssyk-Köl oblastynda geçirilýän taýýarlyk ýygnanşygynda Türkmenistanyň topary eýranly, gyrgyzystanly we özbegistanly pälwanlar bilen bilelikde türgenleşik geçdiler.


Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň ýolbaşçylygyndaky erkekler toparyndan 10 pälwan, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygyndaky zenanlar toparyndan 6 türgen geljekki ýaryşa taýýarlyk görýärler.