Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan okuwçylaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Aziýanyň çempionatyna goşa medal bilen girişdi

19:3015.07.2023
0
33691

Türkmen küştçüleri mekdep okuwçylarynyň arasynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde başlanan Aziýanyň çempionatynyň ilkinji günlerinde medallaryň ikisine mynasyp boldular.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň berýän habaryna görä, Aziýa we Awstraliýa yklymlaryna wekilçilik edýän 17 döwletden 330 küştçiniň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşda olar küştüň rapid (çalt oýnamak), nusgawy we blis (has çalt oýnamak) görnüşleri boýunça ukyplaryny terezä salýarlar. Ýaryş 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli ýaş derejelerinde geçirilýär.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda 17-nji gezek geçirilýän Aziýanyň çempionaty rapid ýaryşy bilen başlady. Küştüň bu görnüşinde her bir oýunça umumylykda 15 minut, her bir göçüm üçin hem 10 sekunt wagt berilýär.

Rapid boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň wekilleri 17 ýaş derejesinde öňe saýlandylar. Has takygy, bu ýaş derejesinde Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Lala Şöhradowa kümüş, Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Amanmuhammet Hommadow bolsa bürünç medalyň eýesi boldular.

Mümkin bolan 7 utugyň 5-sini toplap bilen Lala mundan bir aý ozal Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan özbegistanly küştçi Umida Omanowadan 1 utuk yza galdy. Edil Lala ýaly 5 utuk toplap bilen hindistanly Kaşthuri üçünji ornuň eýesi boldy. Çünki käbir görkezijiler boýunça Lala ondan öňe saýlandy.

Amanmuhammet Hommadow mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk toplap bilen hem bolsa, ilkinji iki orna ilişip bilmedi. Ýogsam, ol kümüş medalyň eýesi, russiýaly türgen Aleksandr Hripaçenko bilen deň mukdarda utuk toplapdy. Birinji orny bolsa 6,5 utuk toplap bilen mongoliýaly türgen Hişigbat Ulzihşig eýeledi.

Amanmuhammet üçin bu medal «janly» görnüşde, ýagny, onlaýn usulda gazanylan ilkinji medaldyr.

Rapid boýunça türkmen ýygyndysynyň üçünji medalyny Mary welaýatyndan 10 ýaşly Alyhan Batyrow gazanyp bilerdi. Ol 32 türgeniň gatnaşan 11 ýaş derejesinde 5,5 utuk toplap, dördünji orny eýeledi.

Aziýanyň çempionatyna Türkmenistandan her ýaş derejesinde bir oglan, bir gyz türgen gatnaşýar. Şeýle hem ýygyndy toparyň ddüzüminde ätiýaçlykdaky oýunçylar bar.

Ýaryş indi nusgawy görnüş boýunça dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň