Soňky habarlar

Arhiw

Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar

16:1214.07.2023
0
27438

Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar, Aktýorlaryň gildiýasy we ABŞ-nyň Prodýuserler assosiasiýasy täze geleşigiň şertleri barada ylalaşmadylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Taraplar ylalaşygyň käbir şertleri babatda oňuşmadylar, şonuň üçin oňa gol çekmek yza süýşürildi.

160 müň agzasy bolan aktýorlar Kärdeşler arkalaşygynyň agzalary özleriniň haklarynyň artdyrylmagyny hem-de strimingleriň ösýän şertlerinde iş şertleriniň gowulandyrmagyny talap edýärler. Eger iş taşlaýyş başlansa, Kärdeşler arkalaşygynda durýan aktýorlara filmlerde surata düşmek we premýera görkezilişlerine gatnaşmak gadagan ediler.

Aktýorlar gildiýasynyň ýolbaşçylara açyk hatyna amerikan aktýorlarynyň 300-den gowragy gol çekdi, olaryň arasynda Brendan Freýzer, Jennifer Lourens, Mark Ruffalo we Meril Strip dagylar hem bar.

Soňky gezek aktýorlar mundan 43 ýyl öň üç aýlap iş taşlaýyş edipdiler.

Sara Bibel, ssenariçi: - Aktýorlaryň iş taşlaýşa gatnaşmagy biziň üçin uly goltgy bolardy, sebäbi olaryň şöhraty ssenariçileriňki bilen deňeşdirilende, has ýokarydyr. Biz — ssenariçileri hemmeler tanap barmaýarlar. Eger kino ýyldyzlary iş taşlaýşa gatnaşsalar, munuň täsiri ýokary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň