Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Aşgabatda Goşulyşmazlyk hereketiniň lukmançylyk konferensiýasy geçiriler

14:5214.07.2023
0
53585

Şu ýyl Türkmenistanda Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň hem-de beýleki ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ylmy konferensiýasy geçiriler. Halkara konferensiýa lukmanlar, alymlar we bilermenler gatnaşarlar diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, 5—7-nji iýulda Budapeştde Daşky gurşaw we saglyk boýunça ministrler derejesindäki ýedinji konferensiýa geçirildi. Halkara konferensiýanyň işine türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Konferensiýanyň çäklerinde türkmen tarapy BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen lukmançylyk konferensiýasyny geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu çäräniň netijesi boýunça adamlaryň saglygyny dikeltmek, dünýäniň gülläp ösmegini üpjün etmek we 2023—2030-njy ýyllarda durnukly geljege ýetmek üçin Budapeşt Jarnamasy we Ýol kartasy kabul edildi diýip, çeşme habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň