Turkmenportal logo
14.07.2023
2213922139
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde pyrtykal şiresi gytlyk edip biler

Dünýäde pyrtykal şiresiniň konsentratynyň gytlygy hem-de onuň nyrhynyň ýokarlanmagy döräp biler, bu barada Germaniýanyň Miwe şirelerini öndürijileriniň assosiasiýasynyň direktory Klaus Haýtlingeriň sözlerine salgylanýan «Frankfurter Allgemeine Zeitung (FAZ)» neşiri ýazýar.


Emele gelen ýagdaý dünýäde pyrtykal konsentraty bilen iri üpjün ediji ýurt bolan Braziliýada hasylyň bitgisizligi bilen baglydyr. Şeýle kynçylyklar harasatlardyr sitrus ösümlikleriň keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda ABŞ-da hem başlandy, bu ýerde hasylyň ýygnalan möçberleri azdyr. Meksikada we Ispaniýada hem şeýle ýagdaý emele geldi.


Neşiriň maglumatlaryna görä, bir ýylda pyrtykal şiresiniň funty tas üçden bire –2,02 dollar bolmagyndan 2,73 dollara çenli gymmatlady. Geçen ýylyň ýanwarynda bolsa onuň nyrhy bary-ýogy 1,42 dollardy. Haýtlinger ýagday şeýle dowam etse, geljek ýylda sitrus bazarynda krizisiň başlanjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.


Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.