Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Uimbldon»: zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki finalçylar belli boldy

22:4713.07.2023
0
25479

Şu günler Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde tennis boýunça ýylyň üçünji «uly tuwulgasy» bolan «Uimbldon» gyzgalaňly dowam edýär. 13-nji iýulda zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýarym final oýunlary geçirildi. Ýarym final oýunlarynyň netijelerine görä, Arina Sobolenkony 6:7, 6:4, 6:3 hasabynda ýeňen Uns Jabir hem-de Elina Switolinadan 6:3, 6:3 hasabynda üstün çykan Marketa Wondrouşowa final ýollanmasyna eýe çykdy. Gyzykly tarapy, finalda bu tennisçileriň haýsysy ýeňse-de, bu onuň üçin «Uimbldondaky» ilkinji çempionlyk bolar.

Ýeri gelende bellesek, tunisli Uns Jabir geçen ýyl hem «Uimbldonyň» finalynda baş baýrak üçin korta çykypdy. Emma geçen ýylky finalda ol gazagystanly Ýelena Rybakinadan ýeňlişe sezewar boldy. Bu ýyl bolsa Jabiriň özi çärýek finalda «Uimbldonyň» Merkezi Aziýadan bilan ilkinji çempiony Ýelena Rybakinany ýaryş bilen hoşlaşmaga mejbur etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň