Arhiw

Türkmenistanly işewürler Nýu-Delide geçiriljek köpugurly sergä gatnaşmaga çagyrylýar

18:5313.07.2023
0
33283

Türkmenistanly işewürler Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 10-12-nji awgustda geçiriljek 9-njy «India International MSME Expo & Summit 2023, Investment & Trade Fair» atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara forumyň maksatnamasy hindi we daşary ýurtly işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin niýetlenilen dürli çäreleri öz içine alýar.

Foruma başlangyç ýaş telekeçiler, aragatnaşyk gurmak we işewürlik mümkinçiliklerini gözlemek isleýän söwda wekilleri, şeýle hem abraýly senagat kärhanalary gatnaşyp bilerler. Forum hususyýetçileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe we pikir alyşmak, eksport üçin täze bazarlary gözlemek babatda amatly meýdança bolup durýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar Hindistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler. Ilçihananyň telefon belgileri: +99312456152, +99312456153

Serginiň guramaçylaryň resmi saýty: www.msmedevelopmentforum.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň