Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Iýulyň birinji hepdesi iň yssy diýlip ykrar edildi

17:0012.07.2023
0
26850

Bütindünýä meteorologik guramasy iýulyň başynda synlamalaryň taryhyndaky iň yssy hepdäni hasaba aldy diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Informburo.kz» ýazýar.

«Howanyň gury ýerde we ummanda rekord derejede gyzýandygyny hasaba alsaň, munuň ekoulgama we daşky gurşawa howply täsir edip biljekdigini aýdyp bolar» diýlip, Bütindünýä meteorologik guramanyň beýanatynda aýdylýar.

BMG-niň wekilleriniň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň iýuny synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy aý boldy. Alymlaryň pikiriçe, dünýäde howanyň şeýle ýokary derejede gyzmagyna Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki El-Nino tebigy hadysasy, kömürturşy gazynyň dowamly howa taşlanýan galyndylarydyr howanyň üýtgemegi sebäp bolýar.

Emma işiň munuň bilen tamamlanmajakdygyny, ýagny El-Ninonyň heniz güýç toplaýandygyny we netijede, onuň täsiriniň şu ýylyň ahyrynda has-da özüni bildirjekdigini Bütindünýä meteorologik guramasynyň howa gullugynyň direktory Kristofer Hýuitt aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň