Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler

11:4812.07.2023
0
20075

ABŞ-daky Jon Hopkins uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen synaglar netijesinde adamlaryň ümsümligi eşidýändikleri belli boldy. Barlaglaryň netijeleri «Proceedings of the National Academy of Sciences» (PNAS) žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Görlüp oturylsa, beýni ünsümligi hem edil sesler ýaly kabul edýän eken. Ylmy-barlagyň awtorlarynyň sözlerine görä, adamlar gürrüňçiligiň arasyndaky dymyşlykda ýa-da gök gübürdändäki ümsüm arakesmede ýakymsyz duýgulary başdan geçirýärler.

Synaga müňlerçe meýletinçiler gatnaşdy, olaryň ählisine otlunyň şakyrdysynyň, köp adamly naharhanada, bazarda, çaga meýdançasyndaky goh-galmagallaryň arasynda bir gezekleýin we gaýtalanýan arakesmeleri, şeýle-de adaty gohy hem-de sesleri eşitdirdiler. Meýletinçiler ünsümlik sesleri diňlemekdäkiden has uzaga çekýär diýip bellediler.

« Biz sesleri eşidýärkäk adaty bolan illýuziýalarydyr täsirleri ümsümlik wagtynda hem başdan geçirýäris, bu biziň, hakykatdanam, ümsümligi, ýagny sessizligi eşidýändigimize güwä geçýär» diýip, alymlar belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň