Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

GAR-a gar ýagdy

10:2512.07.2023
0
27200

Afrikada täsin tebigy hadysa boldy, bu yssy ülkä gar ýagdy. Ýerli ýaşaýjylar tebigatyň bu garaşylmadyk peşgeşine begenýärler, olar gar zyňyşyp oýnaýarlar diýip, «MIR 24» habar berýär.

Öňňin gije Günorta Afrika Respublikasynda bu ýyldaky iň sowuk gije boldy. Gar birnäçe sagatlap yzyny kesmän ýagdy. Ýohannesburgda we Pretoriýada hatda ýer taýgançak boldy. Adatça bu ýerde gary diňe dag etek etraplarda görmek bolýar, bu gezek bolsa, ak gar şäherleri basdy.

Antarktidadan gelýän sowuk howa akymlary GAR-yň jümmüşine tarap süýşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň