Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklip» reňkli aýnadan dürli önümleri, penjire we gapy profillerini taýýarlaýar

00:0011.07.2023
0
17965

«Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti aýnadan dürli önümleri: taplanan aýnadan duş kabinalaryny we hammam otaglarynyň gapylaryny, germewleri, PWH-dan, alýuminiden, iki gatly aýnadan penjire we gapy çarçuwalaryny, şeýle hem reňkli aşhana «örtüklerini», aýnalary we aýna mozaikalaryny, reňkli aýnadan witražlary taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Mundan başga-da, müşderiniň islegine görä, aýnanyň ýüzüne reňkli ultramelewşe çap işi ýerine ýetirilýär.

«Anyk Teklipdäki» ähli önümler tejribeli hünärmenler tarapyndan türk we hytaý önümçiligine degişli döwrebap enjamlarda öndürilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda kompaniýa taýýar önümleri Aşgabadyň içine (mugt) we beýleki sebitlere (tölegli) eltip bermek hyzmatyny gurnaýar «Anyk Teklip» müşderilerine amatly arzanladyş ulgamyny hem-de möwsümleýin aksiýalara gatnaşmagy hem teklip edýär.

«Anyk Teklibiň» önümleri bilen tanyşmak we sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagy, Zerger köç., 3-nji jaý. Telefon: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta: anykteklip@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň