Top.Mail.Ru

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi

22:0310.07.2023
0
25770

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu tanyşdyrylyş dabarasyna ýurduň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň paýhasyndan we zehininden dörän täze eseriniň many-mazmun aýratynlyklary hem-de ähmiýeti barada belläp, bu kitapdaky gymmatly pikir-garaýyşlaryň her bir ynsanyň durmuşynda ýol-ýörelge boljakdygyny nygtadylar.

Tanyşdyrylyş dabarasy bilen ugurdaşlykda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň giň foýesinde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we döredijilik däplerini şöhlelendirýän sergi hem guraldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Öwreneniň özüňki», «Geçmişiňe buýsanmak — geljegiňi gurmak», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly bölümler bolup, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolunyň dürli tapgyrlary baradaky giňişleýin maglumatlar öz beýanyny tapýar.

Şeýle-de täze kitapda geçilen ýollar, edilen işler bilen bir hatarda, durmuşy özgertmegiň, Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar hem beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň