Aşgabatda türgen Dawid Melkumow täze rekord goýdy. Ol elleri bilen agramy 47,84 tonna«Sifan» lokomotiw-wagon gurluşyk kompaniýasynyň wagonyny 24 sekuntda 8 metr ýerinden süýşürmegi başardy. Ýeri gelende belläp geçsek, türgeniň öz agramy 100 kg-dan hem azdyr.
Türgeniň gazanan üstünligi, 9-njy iýulda «Demirýollary» AGPJ-niň Aşgabatdaky şahamçalarynyň biriniň çäginde hasaba alyndy. Türgen aýaklaryny ýörite direge diräp, ýüpi çekmek arkaly «arm-over-arm» usulyny ulandy.
Türkmenportal-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Dawid Melkumow bu synanyşygyň daşyndan görnüşi ýaly aňsat däldigini aýtdy.
«Ýüp elleriň gaty gyýýar. Synanyşygyň aňsat däldigine garamazdan, netije berendigine begenýärin. Oglanlar birbada iki wagon çekmegi haýyş etdiler, ýöne men töwekgelçilik etmedim. Indiki gezek şol bir ýerden iki wagony çekmek üçin türgenleşerin» – diýip, Dawid belledi.
— Size Türkmenistanda iň berdaşly adam diýlip ýüzlenmeklerine nähili garaýarsyňyz?
— Elbetde, men şat. Emma adamlar daşyndan has gowy bilýärler.
— Türkmenistanda güýç ekstrim sporty soňky ýylda has meşhur boldy diýip bolarmy?
- Hawa, bu ugur gaty ösýär. Bu ugra Isleg bildirýänler köp, kimdir biri elini synap görmek isleýär. Ugruň özüne ýetik janköýerlere bar. Täze rekordlarymy goýmagymy haýyş edýänler bar. Bu sport bilen gyzyklanýan we şeýle çäreleri gurnamaga kömek edýänlere sag bolsun aýdasym gelýär.
— Bu sportda haýsy maksatlara ýetmek isleýärsiňiz?
— Halkara güýç ekstrim sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyrmagy we Watanymy halkara arenasynda şöhratlandyrmagy arzuw edýärin. ýene bir arzyly arzuwym — uçary çekmek. Ýakyn wagtda bu hakykata öwrüler diýip umyt edýärin.
Melkumow özüne we başgalara adam çydamlylygynyň we tutanýerliliginiň çäginiň ýokdugyny subut etmegi dowam edýär.
Mundan ozal hem türgen 120 tonna lokomotiwi 2,7 metr, 20 tonna awtobusy sekiz metr we 38 tonna göteriji krany sekiz metr aralyga çekmek bilen birnäçe rekordlary goýupdy.