Top.Mail.Ru

Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär

15:3409.07.2023
0
18127

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy ýurduň çetki ilatly nokatlarynda kuwwaty 6 MWt deň bolan Gün elektrik bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär.

Habar berlişi ýaly, bu maglumaty «Türkmenenergo»-nyň gaýtadan dikeldilýän energiýa gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow «Energetikanyň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin täze tehnologiýalar» atly halkara maslahatda mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda türkmen hünärmenleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda halkara tejribäni işjeň öwrenýärler we bu ugurda iş alyp barýarlar.

Mundan başga-da, Allaýarow Gün elektrik beketleriniň gurluşygynyň ýurtda «ýaşyl» tehnologiýalaryň ösmegine, daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanylmagyna goşant goşup biljekdigini aýtdy.

Çeşme Türkmenistanda gün energiýasyny ulanmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň