Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Eýranyň nebit ministri, ýurduň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory Majid Çegeni bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Arçaýew Myrat we konserniň gaýtadan işlenen tebigy gazy daşary ýurtlarda satmak bölüminiň müdiriniň orunbasary Begenç Hudaýberdeýew hem gatnaşdy. Eýran tarapyndan duşuşykda Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) dolandyryş geňeşiň agzasy we maliýe direktory Seýid Muhammet Huseýin Hosseýni hem-de dolandyryş geňeşiniň agzasy we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Hosseýn Bidarmagz gatnaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdyklaryny tassykladylar.