Aktýor Tom Kruz goja kärdeşi Harrison Forduň «Indiana Jons: Täleýiň gerdişi» filmindäki aktýorlyk ussatlygyna haýran galýandygyny gürrüň berdi. Onuň bu barada sözlerini «The Sydney Morning Herald» neşiri getirýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
61 ýaşly Kruz 80 ýaşly kärdeşi Ford kimin gojalyk salynda-da kino düşmäge çalyşmakçydygyny aýtdy. Ýagny ol «Işi ýerine ýetirip bolanok» filmler tapgyrynda 80 ýaşynda-da surata düşmegini dowam etmekçi.
«Harrison Ford — diri rowaýat. Men ol ýene kino düşer diýip, umyt edýärin. Onuň yzyndan ýetmegim üçin ýene 20 ýylym bar. Men onuň ýaşyna ýetýänçäm, «Işi ýerine ýetirip bolanok» filmler tapgyrynda surata düşmek maksadym bar» diýip, aktýor gürrüň berdi.
«Işi ýerine ýetirip bolanok» filmler tapgyryndan öňde duran täze filmdäki howply hokgalary Kruz kaskadýorlaryň kömeginden peýdalanman, özi ýerine ýetirdi. Ol, mysal üçin, täze filmde dag belentliginden sagatda 80 kilometrlik tizlik bilen paraşýutly bökdi.
«Işi ýerine ýetirip bolanok. Ölüm howply haklaşyk. Birinji bölüm» atly täze film şu ýylyň 12-nji iýulynda dünýä prokatyna çykar.