Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Elektronika dünýäsi» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki «Samsung» dükanlary «Amatly tomus» aksiýasyny geçirýärler

21:5806.07.2023
0
48155

«Elektronika dünýäsi» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki «Samsung» dükanlary öz müşderileri üçin «Amatly tomus» aksiýasyny geçirýärler. Aksiýanyň çäklerinde «Hitachi» sowadyjylarynyň bellenen modellerini satyn alan müşderilere «Whirlpool» kir ýuwujy enjamy ýa-da «Hitachi» tozan sorujysy sowgat berilýär. «Hitachi» sowadyjylaryna dükanlar tarapyndan 3 ýyl kepillik berilýär. Aksiýa 7-31-nji iýul arasynda dowam edýär.

Şeýle hem «Elektronika dünýäsi» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki «Samsung» dükanlary müşderileriň islegleri boýunça «Samsung» telewizorlaryna 35% arzanladyş» aksiýasynyň möhletini 31-nji iýula çenli uzaldýar. SAMSUNG telewizorlaryna dükanlar tarapyndan 2 ýyl kepillik berilýär.

Mundan başga-da, «Elektronika dünýäsi» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezindäki «Samsung» dükanlaryna dünýä belli «Bosch» kompaniýasynyň hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Alyjylar «Bosch» kompaniýasynyň ýokary hilli harytlaryny amatly bahadan we resmi kepilligi bilen satyn alyp bilerler.

«Elektronika dünýäsi» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 60) 14 22 53, (+993 60) 14 22 55 (hyzmat ediş merkezi).

«Samsung» dükany alyjylaryna «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda garaşýar. Telefon belgisi: (+993 60) 14 22 52.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň