Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar

20:0305.07.2023
0
42355

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 24-nji awgustda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Gündogar hem-de Günbatar zolaklarynyň bije çekişlik dabarasynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Bije çekişlik dabarasy Kuala-Lumpur şäherinde Aşgabat wagty bilen 13-00-da başlanar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Geçiriljek bije çekişligiň netijesinde dört topardan ybarat bolan toparçalaryň 10-sy emele geler. Toparçalaýyn bäsleşik alty tapgyrdan ybarat bolup, ol şu ýylyň 18-nji sentýabry bilen 13-nji dekabry aralygynda dowam eder. Toparlaryň hemmesi hem toparçalaýyn bäsleşikde üç duşuşygy öz meýdanynda, üç duşuşygy bolsa myhmançylykda geçirer.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi «Ahal» topary bije çekişlikde üçünji sebetde ýerleşer. Toparymyz bilen bu sebetde «Al-Faýsali» (Iordaniýa), «Istiklol» (Täjigistan), «Mumbaý Siti» (Hindistan) hem-de Yragyň futbol çempionatynyň ýeňijisi (soň belli bolar) çykyş ederler.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň geçiş tertibine laýyklykda, her sebitiň toparçalarynyň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelän toparlaryň üçüsi (her sebitden) 1/8 finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Geçiriljek bije çekişlikde toparlaryň ýerleşýän sebetleri (Günbatar zolagy):

1-nji sebet: «Al-Ittihat» (Saud Arabystany), «Persepolis» (Eýran), «Al-Sadd» (Katar), «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Hilal» (Saud Arabystany).

2-nji sebet: «Sepahan» (Eýran), «Al-Duhaýl» (Katar), «Nasaf» (Özbegistan), «Al-Feýha» (Saud Arabystany), «Nassadji Mazandaran» (Eýran).

3-nji sebet: «Al-Faýsali» (Iordaniýa), «Istiklol» (Täjigistan), Yragyň çempiony, «Ahal» (Türkmenistan), «Mumbaý Siti» (Hindistan).

4-nji sebet: «Al-Aýn» (BAE), «Al-Nasr» (Saud Arabystany) – «Şabab Al-Ahli» (BAE)/«Al-Wehdat» (Iordaniýa) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi, «Traktor» (Eýran) – «Şarja» (BAE)/«Başundara Kings» (Bangladeş) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi, «Al-Arabi» (Katar) – AGMK (Özbegistan)/«Al-Sib» (Oman) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi, «Al-Wakra» (Katar) – «Nawbahor» (Özbegistan).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň