4-nji iýulda Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda «Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy» atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, foruma Türkmenistanyň we ýurduň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda «Buig Türkmen», «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd», «Hyundai Engineering Co., Ltd», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd», «Sumitomo Corporation», «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.», «Rönesans Inşaat», «Wozroždeniýe» kompaniýalary, şeýle hem «Dorožnoýe stroitelstwo Altkom», «INAS+» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.
Forumyň çäklerinde ýörite sergi guraldy. Onda halkara maslahata gatnaşyjylar şäherleriň we sebitleriň durmuş ulgamynyň guralmagyna, gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.
Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, milli medeniýetiň ösdürilmegi ylmy-tehniki ösüş bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýetilen sepgitler öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar işjeň ulanylan «akylly» şäher konsepsiýasyna gulluk edýär. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanylanda, amatly şäher gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýän täzeçil çözgütleriň göz öňünde tutulmagy Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.
Arkadag şäheriniň köp sanly desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň esasy talaplaryň biri bolandygy tötänden däldir. Munuň özi şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalar we desgalar, şol sanda iki we köp gatly amatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamy gurluşygyň dünýä ülňülerine laýyk derejede bina edildi we olaryň ählisi seýsmiki durnuklylyk, ygtybarlylyk talaplaryna doly laýyk gelýär.
Forumda çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp binagärlik çözgüdi bolan kaşaň binalaryň, täze şäheriň desgalarynyň bu ýeriň tebigy aýratynlygy bilen sazlaşygy emele getirip, döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň döwrebap mümkinçiliklerini özünde jemleýändigini bellediler.
Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we gurluşyk-senagat toplumyna degişli pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara maslahata gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň taryhynda ilkinji «akylly» şäheriň medeni merkezleri we ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrýan gezelençler hem guraldy.