Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» «English club» formatynda nobatdaky duşuşygy geçirýär

15:1104.07.2023
0
36389

«Iş Nokady» koworking-merkezi 16 ýaşdan uly bolan ähli isleg bildirýänleri «Friendship at First Sight» mowzugynda geçiriljek «English club» diskussiýa klubuna gatnaşmaga çagyrýar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşýanlaryň ählisi iňlis dilinde gepleşip, özleriniň iňlis dilindäki sözleýiş başarnyklaryny we gepleşige düşünmek ukyplaryny türgenleşdirip, şeýle-de interaktiw oýunlara we diskussiýalara gatnaşyp bilerler.

Çäräniň spikeri hökmünde spiking-klublary guramakda tejribeli guramaçy Nartäç Garaýewa çykyş eder.

Duşuşyk 9-njy iýulda sagat 17:00-da «Berkarar» işewürlik merkeziniň 1-nji gatynda, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisinde geçiriler. Çärä gatnaşmagyň tölegi — 100 manat. Gatnaşmak üçin öňünden şu salgylanma ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň edip ýazylyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň