Turkmenportal logo
04.07.23
4245842458
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» futbol topary JAKO brendli köýnekçelerde çykyş edýär
«Arkadag» futbol topary JAKO brendli köýnekçelerde çykyş edýär

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ýaş wekili ― «Arkadag» topary duşuşyklara JAKO brendli köýnekçeler bilen çykyp başlady.


Topar bu kompaniýanyň logosy ýerleşdirilen köýnekçeleri ilkinji gezek «Arkadag» stadionynda «Ahal» futbol topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda geýdi.


JAKO Germaniýanyň sport enjamlaryny we lybaslaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilik kompaniýasydyr. Häzirki wagtda kompaniýa Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem tehniki hemaýatkäri bolup hyzmat edýär.


JAKO-nyň Ýewropanyň «Ştutgart», «Karlsrue», «Gannower», «Darmştadt», «Rubin» ýaly meşhur futbol klublarynyň hem tehniki hemaýatkäridigini ýatladýarys.