Turkmenportal logo
04.07.23
2846728467
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Apple» temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer

«Apple» kompaniýasynyň «AirPods» gulaklyklarynda eşidişiň derejesini barlamak we bedeniň temperaturasyny ölçemek mümkinçiligi peýda bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Mundan başga-da, «AirPods» gulaklyklary eşidişi pes adamlar tarapyndan eşidiş enjamy hökmünde peýdalanylyp bilner.


Gulaklyklar eýesiniň nähili kabul edýändigini barlamak üçin dürli sesleri çykarar. Şeýle hem olarda ýörite temperatura datçikleri ýerleşdiriler, mundan başga-da, enjam eýesinde sowuklamanyň bardygyny ýa ýokdugyny hem kesgitläp biler.


«Akylly» gulaklyklaryň peýda boljak anyk senesi heniz mälim edilmedi, işläp düzüjiler munuň ýakyn wagtda bolmajakdygyny habar berýärler – enjama lukmançylyk tehnologiýalarynyň girizilmegi birnäçe aýdan birnäçe ýyla çenli dowam wagt alyp biler.