Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag şäheri – akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi

22:0502.07.2023
0
34237
«Arkadag şäheri – akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahat geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

2-nji iýulda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Arkadag şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda «Arkadag şäheri — akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri» atly halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahaty Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.

Halkara maslahata daşary ýurtly alymlar, bilermenler, işewür adamlar, şeýle hem Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (ITU), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň, «Wastoçnyý Weter» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Kazaktelekom» PJ-niň, «Huawei Technologies», «Nokia», «Yutong International Co., Ltd», «DeltaTelecom», «Sony», «NEC Communication and Information Technologies Ltd», «Rostelekom», «Kamaz», «Kaspersky», «Tales Alenia Space», «SSI-MONACO S.A.M», «Terralink Global», «Cisco», «Elsewedy Elektric», «Hyundai Corporation», «Sumitomo Corporation» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Maslahata halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanda «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlarynyň mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmak, bu ulgama daşary ýurt maýa goýumlary çekmek, döwrebap tehnologiýalary we taslamalary ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy ýaly meseleleri öz içine alýan halkara maslahatyň giň maksatnamasyna laýyklykda, öz çykyşlary bilen gatnaşmaga isleg bildiren we çagyrylan ýerli we daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň, işewür adamlaryň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleriniň onlarçasy täsirli çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Hususan-da, «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň Wise Prezidenti Ýun Suk Çoý, «Kaspersky» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça söwda direktory Waleriý Zubanow, «Tales Alenia Space» kompaniýasynyň Halkara ösüş — Strategiýa we işewürligi ösdürmegiň direktory Bernard Hepp, «SSI-MONACO» kompaniýasynyň Prezidenti we Baş direktory Ilhami Aýgun, «East Wiinde» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Boris Bubnow, «Terralink Global» kompaniýasynyň direktory Oleg Zolotarew akylly we ýaşyl şäherler üçin tehnologiýalar we täze çözgütler barada çykyş etdiler.

Şeýle hem halkara maslahata «East Winde», «Kazaktelekom», «Huawei Technologies», «Nokia», «Yutong International», «Delta Telecom», «Sony», «NEC», «Rostelekom», «Kamaz», «Kaspersky», «Tales Alenia Space», «SSI-MONACO», «Terralink Global», «Cisco», «Elsewedy Elektric», «Hyundai Corporation», «Sumitomo Corporation» ýaly kompaniýalaryň wekilleri göni sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Halkara maslahaty iki mejlisde, ýagny «Akylly we ýaşyl şäherler» — şäher infrastrukturasyny durnukly we netijeli ösdürmegiň girewi» hem-de «Akylly we ýaşyl şäherler» üçin tehnologiýalar hem-de çözgütler» ýaly görnüşde geçirildi.

Halkara maslahatda Arkadag şäheriniň artykmaçlyklary we ýetilen sepgitler; «akylly» we «ýaşyl» şäherleriň, ykdysady ösüşe ýardam berýän, durmuş derejesini ýokarlandyrýan we häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün edýän, durmuş üçin durnukly, netijeli we amatly şäher gurşawyny emele getirişiniň mümkinçilikleri; «akylly» tehnologiýalar — raýatlaryň gündelik durmuşyna täsiri we peýdasy; şäher taslamalary we ygtybarly arhitekturasy; internet zatlar we birikdirme mümkinçilikleri; energiýa çeşmeleriniň özara birikmesi; «akylly» ulag ulgamy; şäher maglumatlaryny gaýtadan işlemek we seljermek; maglumat goraglylygy we kiberhowpsuzlyk ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar edildi.

Ýokary guramaçylykly we netijeli geçirilen halkara maslahaty halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemlemek bilen, kommunikasiýa pudagy üçin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga we bar bolan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge, täze «akylly» şäherleri gurmaga we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň