Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Transfermarkt Beknazarowy «Narwa Transyň» düzümine goşdy

16:0902.07.2023
0
29023

Transfermarkt statistika portaly Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Mirza Beknazarowy futbol boýunça Estoniýanyň çempionatynyň Premium ligasynda çykyş edýän «Narwa Trans» toparynyň düzümine goşdy.

23 ýaşly Beknazarowyň ozalky topary «Ahal» bolupdy. Ol ýanwar aýynda erkin agent hökmünde «Ahal» bilen hoşlaşypdy.

Mirza Beknazarowyň häzirki transfer bahasy Transfermarkt portaly tarapyndan 150 müň ýewro barabar hasaplanylýar. Onuň eston topary bilen baglaşan şertnamasy 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.

Ýeri gelende bellesek, «Narwa Trans» Estoniýanyň Kubogynyň finalynda Tallin şäheriniň «Flora» toparyndan üstün çykyp, 2023/24-nji ýylky möwsümde ýewrokubok ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

«Narwa Trans» Konferensiýalar ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynda Ermenistanyň «Pýunik» topary bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun 13-nji iýulda Ýerewanda (Ermenistan), jogap gapma-garşylygy bolsa 20-nji iýulda Rakwerde (Estoniýa) bolup geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň