Şu gün Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirilýär. Bu günde ulanmaga berilýän desgalaryň biri-de Arkadag şäheriniň 350 orunlyk köpugurly hassahanasydyr.
Dört gatdan we dokuz blokdan ybarat bolan hassahana binasy dürli ugurlar boýunça hassalary kabul etmäge hem-de lukmançylyk hyzmatlaryny ýetirmäge niýetlenendir. Bu ýerde neýrohirurgiýa, urologiýa we nefrologiýa, anesteziýa we reanimasiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, umumy hirurgiýa, newrologiýa, kardiologiýa bölümleri bar.
Hassahana Germaniýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň, Italiýanyň hem-de Ýaponiýanyň öňdebaryjy öndürijileriniň diagnostika we bejeriş enjamlary bilen üpjün edildi.
Hassahananyň enjamlaryny esasy üpjün edijiler bolup «Philips Medical Systems» (Niderlandlar) hem-de «GETINGE Group» (Şwesiýa) kompaniýalary çykyş edýär. Hassahanada «Ingenuity CT» we «Incisive CT» 128 kesim geçirýän 2 sany kompýuter tomograf enjamy, «AZURION 3 F12» angiograf enjamy, 2 sany rentgen we flýuroskopiýa «CombiDiagnost R90» enjamy, UZI üçin «AFFINITI 70» enjamy, şeýle hem «Ingenia Ambition 1,5T» magnit-rezonans tomograf enjamy hem-de «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň «Intelli Viu» kardiomonitorlary ornaşdyryldy.
Operasion we reanimasion bloklar Şwesiýanyň «GETINGE Group» kompaniýasynyň operasion stollary, ýagtylandyryjy çeşmeleri, IWL enjamy, anesteziýa üçin enjamy, formalin, wodorod we bug sterilizatorlary ýaly ýokary derejeli enjamlary bilen üpjün edildi.
Täze hassahana «KTQ International GmbH», «The Cooperation for Transparency and Quality in Healthcare International GmbH» kompaniýalarynyň laýyklyk halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy.
Ýokary hilli we döwrebap enjamlar hem-de hünär taýýarlygyny geçen hünärmenler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna halkara ülňülerine laýyklykda iň ýokary derejede giň gerimli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Hassahananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan Gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.