Koreýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynda «Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.
«Korea Times» gazetiniň habar bermegine görä, 23-nji iýunda geçirilen duşuşygyň maksady Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmaga, ykdysady ösüşi, durnuklylygy we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Duşuşyga Özbegistanyň Koreýadaky ilçisi Witaliý Feng, Gazagystanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Timur Žaýkow, Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň attaşesi Sanjar Walibekow, «SK Supex»-iň Pak Hoon Geňeşiniň wise-prezidenti Pak Hun, Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň gözleg bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Kang Seog-gu gatnaşdy.
Türkmen ilçisi Begenç Durdyýew bu «tegelek stol» duşuşygy mynasybetli koreý gazetinde öz makalasy bilen çykyş etdi.
Makalada bellenilişi ýaly, syýasy ugurda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki halkara derejedäki işinde aýdyň görünýär. Türkmenistan we Koreýa dürli halkara guramalarda we gurluşlarda biri-biregi yzygiderli goldaýarlar.
«Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar häzirki wagtda durnuklylyk we hil taýdan täze mazmuny bilen häsiýetlendirilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, söwda-ykdysady ugur, gurluşyk, dokma senagaty, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklar bar. Şu nukdaýnazardan, biz koreý hyzmatdaşlarynyň türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge gatnaşmagyny goldaýarys we hyzmatdaşlygymyzy giňeltmegi dowam etdirmekçi» diýip, diplomat makalasynda ýazýar.
26-njy aprelden başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň A330-200P2F ýük uçarlarynyň amala aşyrmagynda Aşgabadyň hem-de Inçhonyň Halkara howa menzilleriniň arasynda ýük gatnawlarynyň ýola goýulmagy ikitaraplaýyn türkmen-koreýa gatnaşyklarynyň taryhynda gazanylan üstünlikleriň ýene bir ajaýyp mysalydyr. Bu täze halkara ýük hyzmatynyň kömegi bilen ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimi ep-esli giňeldiler. Şeýle hem makalada şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň geçiriljekdigi bellenilýär.