Soňky habarlar

Arhiw

Minnihanow Akdusyň suratyny paýlaşdy

16:0327.06.2023
0
40358

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Akdus atly alabaýynyň täze suratyny resmi «Telegram» sosial sahypasynda ýerleşdirdi.

Ýeri gelende bellesek, Akdus Russiýanyň çempiony diýen adyň eýesidir. Ol heniz kiçijek güjük mahaly 2021-nji ýylda Rustam Minnihanowa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlipdi.

Rustam Minnihanow öz alabaý itiniň suratlaryny köpçülige yzygiderli ýetirip durýar.

Onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär.

Öň Akdusyň Kazanyň iň meşhur itleriniň reýtingine girendigini habar beripdik. Reýtinge laýyklykda, heniz iki ýaşynyň içindedigine garamazdan, Akdus 14-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň